«Açyk gapylar» syýasaty dabaralanýar

19 Mart 2021
796

Şu hepdäniň çarşenbe güni Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helg Şmid bilen wideoduşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilelikdäki hereketleriň üç ölçegi esasynda durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň pikir alyşmalar boldy.

Şol gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly ösüş boýunça wideomaslahat görnüşinde geçirilen sebit forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady bu düzgün tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi babatda sebitde amala aşyrylan işleri hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Forumyň çäklerinde sebitiň döwletlerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin COVID-19 pandemiýasyndan soňra ykdysadyýetleri dikeltmegiň netijeli strategiýalaryny işläp taýýarlamak boýunça pikir alyşmalar boldy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar