Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

18 Mart 2021
961

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuknamalar kabul edildi.

Gün tertibine laýyklykda, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda», «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary, «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy.

Beýleki habarlar