Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

4 Mart 2021
909

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäheçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy öz çykyşynda alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna öwrülendigini belledi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen alabaýlarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda bar bolan gorag itleriniň hatarynda öňdäki orunlara mynasypdygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyş eden hünärmenler we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Weterinar lukmançylygy» fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynda täze hünäriň — kinologiýa hünäriniň açylandygyny, talyplaryň bu hünäri ilkinji gezek özleşdirmek boýunça degişli bilim alýandyklaryny nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli itşynaslyk däplerini saklamak hakynda edýän yzygiderli aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk sözleri aýdylýar.

* * *

Beýleki habarlar