Watana gulluk etmek mukaddes borçdur

4 Mart 2021
820

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň gün tertibine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada beren hasabatlaryny diňläp, ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar