Kalbymyň bahary, mähriban enem!

3 Mart 2021
720

Al-elwan güllerden jyga geýen görkana baharym, hoş geldiň, ülkämize! Bu ajaýyp pasylda ýurdumyzda enelere, gyz-gelinlere belent sarpanyň, hormatyň nyşany hökmünde Halkara zenanlar güni bellenilýär. Ene, bu keramatly söz, gör, neneňsi ýakymly, neneňsi mähriban! Dünýäde iň mährem, iň mukaddes ynsan enedir. Ol maşgala ojagynyň öçmez ody, alawydyr. «Behişt enäniň dabanynyň aşagyndadyr» diýip, Pygamberimiz ýöne ýerden aýtmandyr. Ömürleriň dowamy, ynsanlaryň Zemindäki seždegähi, ylahy güýçleriň eýesi bolan eneler barada joşup goşgy-gazal, eser ýazmak, biz — perzentler üçin mukaddes borçdur.

Baharyň bütin älem-jahany gülzarlyga, lälezarlyga besläp gelşi ajaýypdyr. Kalby baharda açylan al-elwan güller ýaly näzik eneleriň mähri, gyzgyn söýgüsi biziň aňymyza ebedilik siňýär. Olaryň barlygynda ýaşaýyş gözellige beslenýär, ynsan ömri dowamat dowam bolýar. Ene ýüregi hemişe päklik, perzendiniň rahatlygy üçin urýandyr. Öz gezeginde ene ýüreginiň rahatlygy hem perzendiň öz iline, maşgala ojagyna wepalylygy, ygrarlylygy bilen bagly. Perzent üçin ene gujagy jennet mysalydyr. Aýdylyşyna görä, Allatagala ynsana sazyň gudraty bilen jan berenmiş. Ene hüwdüsi bolsa perzendiniň kalbyna Aý ýaly nuranalyk, Gün ýaly çoglulyk, asman ýaly päklik, gözýetim ýaly giňlik eçilipdir. Hüwdülerde enäniň perzendine bolan çäksiz söýgüsi şöhlelenýär.

Akjemal ŞIROWA,
welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar