Ýaşaýşa bolan söýgi

3 Mart 2021
773

Her bir adamyň baş arzuwy durmuşyň goýnunda çekýän päk zähmeti bilen öz mynasyp ornuny tapmakdyr. Durmuşda ornuňy tapmak, ömrüňi manyly geçirmek, dogduk obaňa, maşgalaňa, ulus-iliňe gerekli adam bolup ýaşamak üçin bolsa, öz-özüňe bolan ynamy döretmeli we halal zähmet çekmeli. Şeýle halallyk bilen çekilýän zähmete ugrukdyrýan ynam ýagşy arzuwlar, ajaýyp maksatlar, islegler bilen sazlaşyp, ýaşaýşyň berk sütünini emele getirýär. Şeýle ak arzuwlaryň, köňül küýsegleriň, etsem-petsemleriň hasyl bolmagy üçin her bir ynsanyň özi yhlas etmeli. Aňymyzda ynamyň kemala gelmegi üçin, her birimiz ganymyza siňen maksada okgunlylyk, sahylyk, rehimdarlyk ýaly häsiýetlerimizi kämilleşdirmelidiris. Biz şeýle häsiýetleri özümizde kemala getirip, bagta sary gadam basyp bileris. Bu ýolda bize özümize bolan ynam kömek eder.

Özüne ynamy bar adam hiç wagt ýadamaýar. Ol öz yhlasynyň myrat tapmagy üçin zähmet çekýär. Bu diýdigimiz, başlan her bir işimiz üçin çekilýän zähmet ölçenmeýär diýdigimizdir. Öz başarnygymyza, güýjümize özümiziň ynanmagymyz wajypdyr. Şeýle etmek bilen, biz maksat tutunan her bir döwletli işimiziň amala aşmagyny gazanyp bileris.

Ilgeldi ILGELDIÝEW,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Beýleki habarlar