Şalgam

28 Fewral 2021
1847

Şalgam diýlende, rus halk ertekisindäki ýerden gögerip çykan reňki gyzylymtyl-sary äpet şugundyr pisint ösümligi babadyr mamanyň dürli haýwanlar bilen çekip çykarjak boluşlary hemişe biziň göz öňümizde janlanýar.

Şalgam atanakgüllüler maşgalasynyň kelemler urugyna degişli köki miweli ikiýyllyk gök ekindir. Ol ekilen ýylynda ýapraklap, düýp emele getirýär. Ikinji ýylynda baldak çykaryp gülleýär. Onuň gök miwesiniň düzüminde 8,5 – 16,9 göterim gurak maddalar, B1, B2 witaminleri, karotin, gorçisa ýagy bolýar. Ol iýmit hökmünde terligine, gaýnadylan we gowrulan görnüşlerinde iýilýär.

Enegül TAŇYRBERDIÝEWA,
Aşgabat şäher agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar