Ene mähri

11 Fewral 2021
1032

Men indi her gün diýen ýaly saba-säher goňşymyzyň açyk penjiresinden eşidilýän owaza maýyl bolup diň salýaryn. Ol meni bütin durkum bilen özüne kökerýär. Eşidilýän aýdymyň owazy birsydyrgyn ýaňlanyp daş-töweregi lälezarlyga öwürýän ýaly. Ol aýdymy Annagül Annagulyýewa şeýle bir mylaýym sesi bilen aýdýardy weli, kalbym mähirden dolup gidýärdi.

Ene janym, märibanym,
Mähribanym ene jan.
Saňa gurban şirin janym,
Mähribanym, ene jan...

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar