Täsin çözgüt

10 Fewral 2021
910

Günlerde bir gün gyzy kakasyna durmuş kynçylyklaryndan halys bolandygyny, olary çözmäge hiç hili güýjüniň galmandygy barada gürrüň beripdir. Ol göräýmäge bir meseläni çözdüm etse-de yzysüre ýene biriniň peýda bolýandygy hakynda kakasyna aýdypdyr.Gyzyň kakasy aşpez eken. Aşpez gyzyny öz ýany bilen aşhana alyp gelipdir. Kakasy üç sany gaby suwdan dolduryp, olary ýanýan oduň üstünde goýupdyr. Suw gaýnap başlan badyna gaplaryň birine ýeralma, ikinjisine ýumurtga, üçünjisine bolsa kofe atyp, olary gaýnatmaga başlapdyr. Gyzy kakasynyň näme düşündirjek bolýandygyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdyr. Kakasy ýigrimi minutdan soň gaplary otdan aýryp, ýeralma bilen ýumurtgany her haýsyny aýratyn gaba salyp, kofäni bolsa käsä guýupdyr. Aşpez bularyň üçüsini hem gyzynyň öňünde goýup, gyzym, sen näme görýäň? — diýip sowal bilen ýüzlenipdir. Ýeralma, ýumurtga we kofe — diýip, gyzy jogap beripdir. Kakasy gowy synlamagy we elläp görmegi haýyş edipdir.

Gyzy ilki gaýnan ýeralmany elläp görende onuň ýumşandygyny duýýar. Ýumurtganyň gabygyny aýyrýar we onuň gaýnap, gatyja bolup, bişenini görýär. Soňra kakasy gyzyna kofäni içip görmegi soraýar. Gyzy hoşboý ysly kofeden içensoň, kakasyndan bu zatlaryň nämäni aňladýandygyny sorapdyr. Kakasy:

Iňlis dilinden terjime edildi.
Beýleki habarlar