Mähir ýylysy (Käbäme ýazan hatlarymdan)

9 Fewral 2021
1058

Işden soň, öýe gaýdyp barýarkam, uzyn boýly, eginlek, ýeňseligine daralan şar gara saçlary ýüzüne gelşik berip duran nurana ýüzli bir ýaş ýigit öňümden çykdy. Ol golaýladygyça ädimini haýalladýardy. Oňa gözüm düşeninden, özümden bir zat soramakçy bolýandygyny aňyp, ýöreýşimi haýallatdym. Aramyz has ýakynlaşanda, ol saklandy-da, maňa salam berdi. Salamyny alanymdan soň, oňa «diňleýän» diýen manyda seretdim. Ol çekinibräge-de söze başlady: «Bagyşlaň, sizden bir zat sorasam bolarmyka?! Umuman, özüňiz hem bilýäňiz, 8-nji mart — Halkara zenanlar güni ýetip gelýär. Men bu baýramda ejeme näme sowgat etsem gowy bolarka diýip, kän oýlandym. Emma belli bir netijä gelip bilmedim we bu babatynda ejemiň deň-duşuragydyr öýden zenan maşgalamdan maslahat alsam, has göwnejaý bolar diýip pikir etdim. Haýyş edýän, eger kyn görmeseňiz, maňa maslahat beriň, mähriban käbämi nähili sowgat bilen begendirip bilerkäm?»

Ýaş ýigidiň sowaly meni tolgundyrdy. Men oňa: «Mähriban käbäňi begendirmek isleýäniň örän gowy pikir. Eger maslahatymy alsaň, sowgady ýagdaýyňa görä saýla, çünki perzendiniň beren islendik sowgady, bahasyna seretmezden, eneler üçin iň gymmatly sowgatdyr. Ýöne, esasy aýtjak zadym, näme sowgat etseň-de, ýany bilen öz perzentlik söýgiňi sowgat etmegi ýatdan çykarma. Ýüregiň çuňlugyndan çykan mähirli sözleriňi aýt. Şony başaryp bilseň, ene üçin başga hiç zat gerek däl».

Kümüş MÄTNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar