Hasap näçe? (kyssa)

9 Fewral 2021
859

Bu wakany şu gün ýatlamagyma-da onuň özi sebäpkär boldy. Ýeri, sadakada oturan halyňa futbol nireden ýadyňa düşdi diýsene! Bu ýaşdan soň: “Hasap näçe?” diýmäň näme?! Ýedinji onlugyň birki ýylyny arka atan adam futboldan-beýlekiden ara açaýjak ýaly welin, ýa men ýalňyşýarmykam?!

Men ýoldaşym bilen baranymda, sadaka sowluberen eken. Gijä galybrak baranymyza birhili müýnürgäp, derrew turmagyňam ebeteýini tapman, ondan-mundan gürrüň eden boldum. Emma meniň mesawy gürrüňim Gully agany gyzyklandyrmady. Ol:

Seýitguly Geldiýew,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar