Kesir

4 Fewral 2021
973

Bir topar çopan oduň başynda üýşüp, çaý içip oturan ekenler. Ot güwläp tutaşypdyr. Emma oturanlardan biri şonda-da oturyp bilmän, ody gorjap, ölçerişdirip oturanmyşyn. Ýoldaşlaryndan biri oňa:

— A-how, dost, dek otursana-a, tutaşan ody ölçerseň, öçer ahyry! Könelerimiz: «Ody gozgasaň öçer, goňşyny gozgasaň göçer» diýip aýdypdyrlar-a – diýipdir. Ýaňky kesir bolsa, eşitse-de eşitmezlige salyp, ölçermegini dowam edipdir. Halys bolmanyndan soň, ýanynda oturanlaryň biri onuň elinden kesewini alyp, bir tarapa zyňyp goýberipdir. Emma ol uzak saklanyp bilmän, bir kesindini eline alyp, ýene-de ölçerip başlapdyr. Teý-ahyr bolmanyndan soň, ýoldaşlary onuň el-aýagyny güýlüp taşlapdyrlar. Ol kesir güýlüngi ýatan ýerinden, oda seredip:

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan.
Beýleki habarlar