Mellek ýeriniň hasyly

1 Fewral 2021
1407

Ýer eýesi Atageldi Berdiýew Baýramaly etrabynyň “Parahat” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanyndaky bir gektar ýerini ekin dolanşygynda ulanýar. Ol bugdaý eken ýyllary gallanyň, gowaça ekende bolsa pagtanyň bereketli hasylyny ýetişdirýär we döwlete tabşyrýar. Topragyň berýän baýlygyny ýylsaýyn artdyrmakda dökünlerdenem oňat peýdalanýar. Dökün, bejergi, suw, ýeri zyýankeşlerden, haşal otlardan goramak esasy wezipeler bolup durýar. Agrotehniki talaplara laýyk gelýän şeýle işler wagtly-wagtynda berjaý edilýär.

Tejribeli ekerançy hormatly Prezidentimiziň uly goldawlaryndan hoşal bolup, ýylyň bütin dowamynda gök önümleri ýetişdirmegiň aladasyny hem edýär. Atageldi Berdiýew öz mellek ýerinde çaklaňrak ýyladyşhana gurdy. Onda ýetişdirýän gök önümi maşgalanyň azyk üpjünçiligine uly goldaw bolýar. Ekerançy bereketli önümi söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata-da ýetirýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýetişdirilen hyýarlar bereketli saçaklarymyzyň rysgalyny artdyrýar. Gyş paslynyň häzirki günlerinde Täze güýç obasynyň ýaşaýjylary ynsan saglygyna peýdaly, ekologiýa taýdan arassa bolan gök önümi bu ýerden alýarlar. Ýyladyşhanada ekine oňat ideg edilensoň, hyýarlaryň bol hasyly ýetişýär. Munuň özi mellek ýeriniň gyş aýlarynda hem boş durmazlygyna şert döredýär.

Beýleki habarlar