«Sary altyn»

29 Ýanwar 2021
1956

Adamzat jemgyýeti özüniň ösüş taryhynda oba hojalyk ekinleriniň müňlerçe görnüşlerini ösdüripdir. Olaryň arasynda has gymmatly görnüşiniñ biri-de şalydyr. Däneli ekinleriñ arasynda şaly iñ ýokary mukdarda krahmaly saklaýşy we ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Şalynyñ dänesindäki krahmal örän ýokumlylygy, aňsat özleşdirilýändigi bilen hem beýleki dänelilerden tapawutlanýar

Şaly ekininiň duza çydamlylygynyň ýokary bolmagy ony şor ýerleriň duzuny ýuwup özleşdirmekde giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Şalynyň basdyrylyp suwarylmagy netijesinde, şol topragyň duzy ilkinji gününden başlap ýuwlup başlaýar. Şonuň üçin ony täze özleşdirilýän şor ýerlerde ösdürip ýetişdirmek has peýdalydyr. Şeýle edilende, şor ýeriň duzy gowy ýuwulýar we ony ekin dolanyşygynda has netijeli ulanyp bolýar. Şor ýerleri şaly ekmek bilen özleşdirmek suwy rejeli peýdalanmaga hem ýardam edýär. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzda dürli derejede şorlaşan ýeriň duzuny ýuwmak güýz-gyş aýlary geçirilýär. Şorlaşan ýerleri ýuwmak üçin köp mukdarda suw gerek bolýar. Şeýle köp suwy meýdana bir wagtda berip bolmaýar. Şeýle hem ýuwuş suwunyň howanyň salkyn we sowuk döwri geçirilýändigi zerarly, eremesi kyn bolan käbir duzlary toprakdan ýuwup aýryp bolmaýar. Şaly ekilmegi bilen şorlaşan ýerleri ýuwmagyň yssy döwründe geçirilýändigi zerarly duzlaryň eremesi we ýuwulmagy aňsat bolýar.

Daýanç BALADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar