Ylym we tejribe

28 Ýanwar 2021
1883

Mallaryň önüm berijiligini artdyrmak ugrunda

Milli Liderimiziň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň maldarlary mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň mukdaryny artdyrmak, maldarçylykda tohumçylyk işini kämilleşdirmek ugrunda uly tagalla edýärler. Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw-tejribe hojalygynda hem mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň mugallymy Meretmät Meretmädowyň ýolbaşçylygynda gara mallaryň saglygyny gorap saklamak, önüm berijiligini ýokarlandyrmak we ýokary önüm berýän mal sürülerini döretmek maksady bilen «Çydamly, kesellere durnukly ýokary önümli gara mallaryň gatyşyk toparyny döretmek» atly ylmy iş alnyp barylýar. Onuň çäklerinde ilkinji gezek ýerli gara mallaryň garyşyk tohumlaryny ýokary önüm berýän iri şahly mallaryň gara-ala golştin tohumly öküzleri bilen tohumlandyryp, olaryň tohum hilini gowulandyrmak işleri, mallaryň fiziologik, önüm berijilik, iýmitlendiriş we saklanyş aýratynlyklary, kesellere durnuklylygy, daşky gurşawyň täsirleri öwrenilýär.

Bazarbaý GURBANGYLYJOW,
TOHI-niň talyby.
Beýleki habarlar