«Watan goragy soňlanmajak aýdymdyr»

27 Ýanwar 2021
1598

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş halkymyz bilen birlikde biz — harby gullukçylaryň hem göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny has-da dabaralandyrjak bu ýyl, ata Watanymyza çäksiz söýgi bilen biziň ählimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna alyp barýar. Watanymyzyň şanly toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylda Watan goragçylarynyň güni giň gerimde, şatlyk-şowhunda bellenip geçirilýär. Şeýle şanly ýylda hem bu sene mynasybetli polkownik Rahym Geldiýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby gullukçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy şahsy düzümi ýatdan çykmajak pursatlara besledi.

Dabaranyň dowamynda TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramagynda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň aýdym-saz toparynyň hem-de etrap medeniýet müdirliginiň medeniýet we sungat ussatlarynyň, şeýle-de Keýmir Serdaryň adyny göterýän harby bölümiň çeper höwesjeňleriniň çykyş etmeklerinde «Watan goragy soňlanmajak aýdymdyr» diýen at bilen baýramçylyk konserti geçirildi. Garnizonyň çäginde ýerleşýän harby bölümlerde gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirýän harby gullukçylaryň öýlerine baryp, olary bu şanly sene bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Harby gullukçylar hem-de olaryň maşgala agzalary, şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, mähriban halkymyzy, merdana Watan goragçylaryny tüýs ýürekden gutladylar.

Merdanguly BAGŞYÝEW,
maýor.
Beýleki habarlar