Goňşa barýan ýoda

21 Ýanwar 2021
1597

Gyşyň ilkinji dynç günleriniň birinde ýere düşen ak gar ir säher bilen bize garaşylmadyk uly sowgat bolupdy. Teleýaýlymlarda ýörite çagalara niýetlenen gepleşikleriň hiç birini sypdyrmaýan jigilerim beýle sowgady görüp, gepleşikden hem, onda görkezilýän multfilmden hem, hatda ertirlikden-de geçip, gar oýnamaga howlukdylar. Emma ertirlik edinmeseler oýnamaga goýberilmejegine gözleri ýetik jigilerim gyssanmaç saçagyň başyna geçdiler. Öýe gerek harajatlary almak üçin bazara tarap ýola düşen ejem bizden has ir turup, eýýäm çaý demläp goýupdyr. Maşgalada çagalaryň ulusy bolamsoň, gapydan çykyp barýan ejem maňa jigilerimiň ertirlikden soň meýdana gar oýnamaga çykyp biljekdiklerini aýtdy, kakam bolsa olara göz-gulak bolmagy we howlynyň garyny arassalamagy tabşyrdy.

Ertirlik edinip, daşarda gar oýnamaga gyssanýan jigilerim dessine gyş eşiklerini geýinmäge başladylar. Gar oýnamaga doly taýyn bolan jiglerim bilen men hem kakamyň buýran ýumşuny ýerine ýetirmek üçin howla çykdym. Gapydan çyksak goňşularymyzyň çagalary eýýäm gar adamsyny ýasamak bilen başagaýdy. Meniň işime, şeýle-de ýoldan geçýän awtoulaglara päsgel bermez ýaly, jigilerime we olaryň dostlaryna howlynyň arka tarapyndaky giňişlik ýerde oýnamaklaryny tabşyrdym. Howlynyň içi gaty giň bolmasa-da, onuň garyny arassalamak meniň çaklaýşym ýaly basym gutarmady.

Eziz Dädebaýew,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat uly leýtenant.
Beýleki habarlar