Oba hojalygy

21 Ýanwar 2021
1733

Bagy baryň bagty bar

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bagçylygy ösdürmäge uly üns berilýär. Edilýän aladalaryň, döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, bagçylyk bilen meşgullanýanlaryň sany barha köpelýär. Etrabymyzda tejribeli bagban adamlaryň hatarynda «Azatlyk» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Saparbaý Seýtimmetowyň adyny hormat bilen agzaýarlar. Bu bagban özüniň 1 gektar kärende ýerinde alma, armyt, garaly, erik, beýi ýaly miweli baglary ösdürip, ýetişdirip, olardan her ýyl bol hasyl alýar. Mundan başga-da bagban öz bagyndan ýerlikli peýdalanmagy hem başarýar. Ol bu ýerde kelem, badamjan, ýeralma, käşir we pomidor ýaly gök ekinleri-de ekýär. Saparbaý aga ýaş nahallary ýetişdirmek bilen hem meşgullanýar. Häzirki wagtda baglaryň töwereklerini arassalamak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri ýerine ýetirilýär.

Beýleki habarlar