Göwün gözgüsi (Hekaýa)

19 Ýanwar 2021
1655

Adam şatlananda ýa-da gaýgylanan wagtynda durmuşynyň aýry-aýry pursatlaryny ýatlagyç bolýar. Bu gezek Kerim hem şeýle pursaty başdan geçirdi. Aýjemal baradaky süýji ýatlamalaryň täsirinden uzak wagtlap çykyp bilmedi. Ol kitaba güýmendi, bolmady. Telewizora seretdi, bolmady. Ahyry, sergin howada birsellem gezelenç etsem, belki, ünsüm sowlar diýip daş çykdy. Gijäniň bir mahaly bolansoň, köçä çykyp dursa gelişjek däl, howlynyň içinde-de bir zada güýmenmän ýöne otursa, gezelenç etse ejesidir kakasyny ünjä goýjak. Garaz «il ýatyp, it uklansoň» ýeke özüň howlynyň içinde maksatsyz aýlanyp ýörseň, alada basmarlan alaçsyz adama-da öwrülip barýaň.

Kerim daşarda kän eglenmedi. Ol gapyny emaý bilen açyp, içerik girdi. Kakasydyr ejesi süýji ukuda ýatandyr öýdüp assa basyp, ýerine geçip gyşardy. Patma eje onuň ähli hereketlerini synlap ýatyşyna gapdalynda ähli zatdan bihabar kişi bolup ýatan Mergen agany yralady:

Nowruz GURBANMYRADOW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar