Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýat

19 Ýanwar 2021
2044

Ýürekden işlemek hakyndaky hekaýatda dünýä meşhur türkmen alymy Abu Nasyr al Faraby barada söhbet açylýar. Alym köşkde iň hormatly adamlaryň biri bolandygy üçin, onuň isledigiçe bolçulykda ýaşamaga gurby ýetipdir. Ýöne ol gündeki iýjegine ýeter ýaly dört dirhem bilen gününi görüpdir. Dana kişi barja zadyny şähdaçyklyk bilen saçagynda goýar eken. Bir gezegem ol gaty çöregi çaýa ezip iýip otyrka, ýanyna tanyşlarynyň biri gelipdir. Ol:

— Halypa, sen gaty çörek bilen oňňut etmeli adam dälsiň. Merwiň bazarynyň atly aşpezleri-de seniň diýen tagamyňy taýýarlap, öňüňde goýsalar, olaryň özlerinden göwünleri hoşal bolar. Sen welin, el ýaly çörek bilen oňňut edip otyrsyň. Şu bolşuňy men-ä oňlamaýaryn — diýipdir. Soňra onuň köşge baryp, wezirden özi üçin şert döretmegi soramalydygyny aýdypdyr. Alym ony sesini çykarman diňläp oturypdyr. Ahyrynam:

Beýleki habarlar