Beýik işlere çuňňur alkyşlar

18 Ýanwar 2021
1484

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Gysga möhletde amala aşyrylan bu üç taslama Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi berip, türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadan durmuşda ýaşamagyna ýardam eder. Häzirki wagtda goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020 — 2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamanyň hem işjeň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

Sebitde ulag-logistika, energetika we kommunikasiýa düzümleriniň kämilleşmegine hem-de giň halkara hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etjek taslamalaryň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň oňyn halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Biz hem dostlukly halklary has-da ýakynlaşdyran taslamalaryň ulanmaga berilmeginiň şaýady bolan ildeşlerimiziň we goňşy döwletiň ýaşaýjylarynyň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik hem-de olary okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirýäris.

Merdan Gazakbaýew,
«Watan».
Beýleki habarlar