Mallary iýmitlendirmegiň kadalary

17 Ýanwar 2021
1889

Nitratlar azot birleşmeleriniň duzlary bolup, olar lukmançylykda, weterinariýada, boýag önümçiliginde giňden ulanylýar. Azot önümleri ösümliklerden ýokary hasyl almakda mineral dökün görnüşinde giňden peýdalanylýar. Ýöne olaryň möçberi, wagty, dowamlylygy nädogry ulanylanda, agrotehniki çäreler dogry berjaý edilmedik ýagdaýynda ösümliklerde nitratlaryň, seýrek nitritleriň toplanmasy bolýar we şol ösümlikler bilen mallar iýmitlendirilende, zäherlenmeler ýüze çykýar. Mysal üçin, iýmitlik şugundyryň taýýarlanyş we saklanyş usulyýetleri bozulanda, onda saklanýan nitratlaryň nitritlere öwrülmegi bolup geçýär. Nitratlar we nitritler bilen mallaryň zäherlenmesi diňe azot saklaýan ösümlikler bilen bolman, azot önümleri bilen hapalanan suw çeşmeleriniň üstünden hem bolup bilýär.

Amatly şertlerde (temperaturada, çyglylykda, Gün şöhlesiniň ýiti düşmeginde, makro we mikroelementleriň bolmagynda) nitratlar ösümlikleriň kök ulgamy bilen sorulýar we nitratlar — nitritlere — gidroksilamin reduktazdan ammiaga çenli dikelýär we soňra beloklary emele getirýän aminoturşylary sintezlemekde ulanylýar. Şeýle şertler bozulanda, ösümliklerde nitratlaryň toplanmasy bolýar we mallaryň zäherlenmelerine getirýär. Mallaryň toparlaýyn zäherlenmeleri iýmitlik üçin ekilýän otly meýdanlaryň 1 gektaryna 150 – 200 kilogram azot dökülende ýüze çykýar. Suwda gowy ereýän dökünlerde, esasan-da, selitrany ösümlikleriň ösüş döwründe ýa-da iýmit üçin ýygnalmagynyň öň ýanynda dökülende nitratlar ösümliklerde köp toplanýar. Ýaş ösümliklerde, esasan-da, tomsuň ikinji ýarymynda nitratlar has köp toplanýar. Ter otlarda zäherli nitritler az möçberde saklanýar.

Ilmyrat SAPARMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar