Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri

14 Ýanwar 2021
1815

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Milli Liderimiz munuň bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Muňa öňňin hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Bu iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň hasabatlaryny diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda welaýat boýunça meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem ýaz ekişine taýýarlykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar