Alkyşly sözler beýan edildi

10 Ýanwar 2021
1786

ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň mejlisler zalynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi mynasybetli geçirilen maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, şäher-etrap Geňeşleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, işjeň agzalary, şeýle-de welaýatymyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Ony welaýat häkimligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilelikde gurady.

Hoşallyk maslahatyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň başlygy Merdanaly Orazberdiýew açyp, oňa gatnaşyjylary ajaýyp waka mynasybetli gutlady hem-de «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde kabul edilen resminama, Ahal welaýatynyň ýaşlaryny täze üstünliklere ruhlandyrdy. Nobatdaky resminama türkmen jemgyýetinde ýaşlara aýratyn ornuň berilýändiginiň, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda bimöçber tagallalaryň edilýändiginiň subutnamasydyr.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni. SURATLARDA: hoşallyk maslahatyndan pursatlar.