«Allak kaka, alsana meni!» (Gülküli kyssa)

10 Ýanwar 2021
1739

Arada Allak kakanyň doglan gününiň şanyna çagalary üýşüp, el telefonyny sowgat etdiler. Allak kakanyň şondaky begenäýşini bir görsediňiz! Otursa-tursa el telefonyny ýanyndan aýyrmady. Ýogsam, oňa gün içinde bir gezek jaň edýänem ýokdy. Onda-da, telefonyny ile-güne güjeňläp, daşyndan guwanmasy näme degmeýär?! Bir gün welin telefon bilen bagly bir waka boldy. Allak kaka aram-aram el telefonyny ýitirip, goýan ýerini unutmany çykardy. Onsoň ony tapyp bermek ululara-da, kiçilere-de iş boldy.

Hernä agtyklaryndan biri wagtynda bu ýagdaýyň çäresini tapdy oturyberdi. Ol atasynyň telefonyna jaň edilende: «Allak kaka, alsana meni!» diýen sesli ýazgyny oturtdy. Şeýdibem, ýiten telefony gözlemekden dynaýdylar. Hezil bolaýdy, Allak kaka: «Telefonymy tapamok» diýdigi, oňa başga bir telefondan til kakýaň welin, ol nirede bolsa-da: «Allak kaka, alsana meni!» diýip, jogap berip dur.

Goçy ANNASÄHEDOW,
ýazyjy.
Beýleki habarlar