Wepalylygyň, gaýduwsyzlygyň nusgasy

9 Ýanwar 2021
2002

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň netijesinde merdana halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda döredilen we bütin dünýäde ykrar edilen milli gymmatlyklarymyza uly üns berilýär. Wepalylygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi, hüşgärligi bilen halkymyzyň durmuşynda uly orna eýe bolan türkmen alabaýy bu gymmatlyklaryň ajaýyp nusgasydyr. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň sanyny köpeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby türkmen alabaýlaryna häsiýetli aýratynlyklary açyp görkezýän ajaýyp eserdir. Bäş bölümden ybarat bolan kitabyň suratlar bilen bezelmegi, täsirli, gyzykly wakalar, rowaýatlar onuň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň ýiti zehininden we çuňňur paýhasyndan dörän bu eserde türkmen alabaýynyň irki döwürlerden bäri eldekileşdirilişinden başlap, onuň häzirki döwrümize çenli durmuşymyzdaky orny beýan edilýär. Kitabyň sahypalarynda ussat suratkeşleriň türkmen alabaýlaryna bagyşlap döreden nakgaş eserleri her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Eserde adam bilen tebigatyň, janly-jandarlaryň sazlaşygy, alabaýyň mertlik, wepalylyk, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri açylyp görkezilýär.

Oguljennet ORAZOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar