Çeniňi bil-de, çemçäňi çek

7 Ýanwar 2021
1929

Lukman Hekim hemaýat isläp, huzuryna baran hassa aýdar eken: «Biz üçdüris. Men, sen, hassaçylyk. Eger menlik bolsaň, iki bolup hassaçylygy ýeňeris. Onluk bolsaň, dadyňa Alla ýetişsin. Dert bilen dolaş-da geziber». Degerli garşylyk görkezip bilmedik Amanmyrat öwrenen endigine erk edip bilmedi. Öňüne gelen aşdan agzyny aýamady. Dograma, palaw iýdi. Onuň bilen kanagatlanman, owkadyň ahyryny etli börek bilen ýetirdi. Ir ikindin ýatdy. Erte guşlukda oýandy. Ýassyk bilen ýar boldy, düşek bilen dost. Garny doýsa-da, gözi doýmady.

«Az iýen arassa, köp iýen hassa». Pikiri dürsüň ýaşaýşy ýakymly, ömri uzak bolýar. Ömrüniň dowamynda et iýmegi endik edinmedik Öwezgeldi aganyň hurşy gök ot, miwe, süýt, gatyk boldy. Göreni iş, görmedigi düýş. Iş bilen işikdeş, zähmet bilen ýoldaş. Dokuz onlugy togalady.

Derýa AŞYR,
ýazyjy.
Beýleki habarlar