Aýazbaba bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

23 Dekabr 2024
139

Täze ýyl golaýladygy, beýleki çagalar bilen birlikde men hem Aýazbabanyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlaýaryn. Ony hemme çagalar gowy görýär. Şonuň üçin hemişe Aýazbaba bolmagy arzuw edýärin. Sebäbi Aýazbabaň bar ýerinde çagalaryň arzuw-islegleri hasyl bolýar. Ol bir gezek jadyly hasasyny galdyrsa, sowgatlar setir-setir bolup düzüliberýär.

Men häzir 6 ýaşymda, täze ýylda bolsa 7 ýaşaýaryn. Menden: «Ulalaňda kim bolasyň gelýär?» diýip sorasalar, hökman: «Aýazbaba bolasym gelýär» diýip jogap berýän. Edil Aýazbaba ýaly, meniňem adamlara şatlyk paýlasym, olary begendiresim gelýär. Ynha, görersiňiz, Aýazbaba bolamda men bu aýdanlarymyň hemmesini aňryýany bilen ýerine ýetirerin. Körpeleriň ýazan hatlaryny okaryn, diýen sowgatlaryny paýlaryn.

Muhammetnur MUHAMMETÖWEZOW,
Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy.
Beýleki habarlar