Beýik döwletiň beýik taryhy

6 Dekabr 2024
248

Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek «Hakyda göwheri» atly kitabynyň çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat boldy. Täze kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň «Taryh şu ýerden başlanýar», «Änew medeniýeti», «Bürünç zamanynyň medeni ojaklary», «Beýik Seljuklar döwleti», «Horezmşalar döwleti» diýlip atlandyrylan bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir. Alty bölümden ybarat «Ruhy miras» babynda bolsa milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklarymyza üns çekilýär. Bu babyň bölümleri hem öz gezeginde «Zehin aýdyňlygy, paýhas käni», «Oguznama» — dünýä baýlygy», «Täsin söhbediň beýany», «Hazyna eýesine hazynadar diýerler», «Döwletliniň döwlet gözbaşy», «Gadymy heňňamyň aýdymy» diýlip atlandyrylypdyr.

Çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabyny dünýä ýüzünde uly yz goýan şöhratly taryhymyza, Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsirlerine, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyna bagyşlamagy aýratyn ähmiýetlidir. Çünki geçmiş taryhymyzy öwrenmek, bilmek, ýaş nesilleriň düşünjesiniň artmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Beýleki habarlar