Traktoryň kämilleşdirilen tirkegi

29 Oktýabr 2024
320

Oba hojalygynda meýdan şertlerinde ýükler köplenç traktorlara tirkelýän tirkegler bilen daşalýar. Her bir tirkege kärendeçä gerek bolan tohum ýa-da mineral dökünler ýüklenip, ekin meýdanynyň golaýna eltilýär. Ýüklenýän ýükler ýükleýji enjamyň kömegi bilen tirkegiň kuzowyna guýulýar. Olary gerekli ýerinde düşürmek üçin traktorçy ýük daşaýan agregaty (traktory we birnäçe tirkegleri) saklaýar we traktordan düşüp, tirkegiň kuzowynyň yzky tarapyny açýar. Şonda ýüklenen ýük kuzowyň açylmagyny kynlaşdyrýar.

Oba hojalyk agregatlarynda ýüze çykýan şeýle kynçylyklary aradan aýyrmak maksady bilen, uniwersitetimiziň oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak fakultetiniň mugallymlary talyplaryň gatnaşmagynda traktorlaryň yzyna tirkelýän tirkegleri kämilleşdirmek üçin ýörite iş tejribesini geçirdiler. Tirkegi kämilleşdirmek üçin galyňlygy 3 – 5 millimetr, ini 30 – 35 millimetr bolan polat zolaklar saýlanyp alyndy. Olaryň degişli ýerlerinden deşikleri deşip, okuň daşyndan aýlanar ýaly, tirkege dakyldy. Bu işleri her bir daýhan birleşigiň ýa-da etrap «Obahyzmat» kärhanasynyň ussahanasynda ýerine ýetirip bolýar. Kämilleşdirilen tirkegdäki ýüki düşürmek üçin traktorçy gidroulgamyň bölüji düwmesiniň kömegi bilen, onuň gidrosilindrine ulgamdaky suwuklygy ugrukdyrýar. Suwuklygyň täsiri astynda ştok ýokarlygyna hereket edýär we pusepiň esasyny butnawsyz okuň daşyndan aýlap ugraýar. Şonda direg bölegi şarnir arkaly berkidilýär we tirkegiň kuzowynyň çep böleginiň özbaşdak açylmagyndan saklaýar. Direg bölegi bolsa gidrosilindriň täsiri arkaly öz okunyň daşyndan çepe aýlanyp, tirkegiň çep tarapyny itip açýar. Şeýlelikde, gidrosilindriň kömegi arkaly tirkegiň çep tarapy doly açylyp, ýük doly düşürilýär.

Täçdurdy ŞEKERALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar