Hil — esasy görkeziji

23 Oktýabr 2024
377

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň welaýatymyzdaky düzüm birlikleriniň işgärleriniň pagta ýygymynyň häzirki gyzgalaňly dowam edýän günlerinde «Türkmenpagta» döwlet konserniniň «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki pagta kabul ediş harmanhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, kärendeçilerden kabul edilýän pagta hasylynyň hil gözegçiligini alyp barmakda durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellärliklidir. Gullugyň merkezi barlaghanasynyň oba hojalyk önümleriniň synag bölüminiň işgärleriniň häzirki jogapkärli döwür bolan pagta ýygymy möwsüminde gündelik alyp barýan wajyp işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň Boldumsaz etrabynyň Gubadag pagta arassalaýjy kärhanasynyň «Pagtaçy» pagta kabul ediş harmanhanasynda iş saparynda bolanymyzda, hatar-hatar bolup, harmanhana golaýlap gelýän üsti «ak altynly» awtoulaglar kerweni biziň ünsümizi özüne çekdi. Bu ýerde welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň merkezi barlaghanasynyň hünärmeni Bibijan Durdyklyçowa bilen tanyşlygymyzyň dowamy olaryň pagta hasylynyň hil gözegçiligini amala aşyrmakda gündelik ýerine ýetirýän möhüm wezipeleri baradaky gürrüňlere ulaşdy.

— Häzirki döwürde ýurdumyzda, şol sanda, welaýatymyzda pagtaçy ýer eýeleriniň arly ýylky çeken zähmetleriniň netijesi bolan bereketli pagta hasylynyň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýylda welaýatymyzda «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirildi. Şol hasyly gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul edip almak üçin welaýatymyzyň etraplarynda ençeme pagta kabul ediş harmanhanalary hereket edýär. Ynha, görşüňiz ýaly, Boldumsaz etrabynyň çäginde ýerleşýän şu harmanhanada-da getirilýän pagta hasylyny gije-gündiziň dowamynda kabul edip almak, hil gözegçiligini amala aşyrmak hem-de hasyly belli bir möhlete çenli saklamak üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Görüp durşuňyz ýaly, barlaghanamyzda pagta hasylynyň düzümini, çyglylygyny we hapalygyny kesgitleýän döwrebap enjamlaryň ençemesi bar. Bu enjamlarda Allaberdi Saryýew, Jahan Toýlyýewa ýaly hünärmenlerimiz tarapyndan kabul edilýän pagta hasylynyň hil gözegçiligi, çyglylyk we hapalyk derejesi, pagtanyň haýsy sorta degişlidigi anyklanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryna we daşary bazarlara ugradylýan pagta önümleriniň ýokary hil derejede bolmagyny şertlendirýär — diýip, tejribeli hünärmen Bibijan Durdyklyçowa öz gündelik alyp barýan işleri barasynda gürrüň berýär.

Dädebaý NARTYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar