Magtymguly pyragy eýýamlaryň şahyry

1 gün öň
8

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda edebi mirasymyz we Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hemmetaraplaýyn çuňňur öwrenilýär. Şeýle uly hormatyň netijesinde şahyryň sarpasy öňküden-de belende galýar.

Magtymguly Pyragy durmuşynyň ähli pursatlarynda il-halkynyň agzybirligini we abadançylygyny gazanmak ugrunda alada edipdir. Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, şahyryň türkmen halkynyň ykbaly baradaky alada bilen ýaşandygyna doly göz ýetirýärsiň. Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy hazynasyna uly goşant goşan beýik akyldardyr. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, söz äleminiň zergäri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ýiti pähim-paýhasy, dil baýlygy, pikir ummany çäksizdir. Gahryman Arkadagymyz «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip, beýik akyldara ýokary baha berýär.

Jahan ŞAWELIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar