Giň dünýäniň geň habarlary

1 gün öň
26

«Akylly» syýagalam

Dünýä bilermenleriniň hasaplamalaryna görä, dünýädäki her ýedi adamyň biriniň sowatlylyk derejesiniň pesdigi hakynda aýdylýar. Bu möhüm wezipäni çözmek maksady bilen, Bütindünýä sowatlylyk fondunyň hem-de «Media-monks» IT-kompaniýasynyň durmuşa geçirýän taslamasy esasynda döredilen «Literacy Pen» atly «akylly» syýagalam golaýda synagdan geçirildi. Enjamyň peýdalanylyş usuly örän ýönekeýdir. Ýagny aýdylan söz ýazuw kadasyna laýyklykda, galamyň ýörite ekranynda peýda bolýar, şondan soň ony diňe kagyza göçüräýmek galýar. Emma oňa bilim-sowat babatdaky global meseläni çöp döwen ýaly etjek jadyly taýak hökmünde garamak bolmaz. Ol häzirki zamanyň kämil innowasiýasyna we tehnologiýasyna daýanýan netijeli çözgütdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar