Arkadag şäheri häzirki zaman talaplarynyň nusgalyk beýany

1 gün öň
17

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bina bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ähli ugurdaky gazananlarynyň, pudaklara sanly tehnologiýalaryň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem «akylly» şäher konsepsiýasynyň aýdyň mysalydyr. Golaýda şeýle ajaýyp mümkinçiliklere eýe bolan Arkadag şäherine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

«Esger».
Beýleki habarlar