Türkmeniň bagt serpaýy Siz, Arkadagly Serdary Siz!

1 gün öň
24

Aňyrsynda anyk taryhy maglumat ýa-da ýazyjynyň hyýaly oýlanmalary duran islendik uly eserde hökmany suratda öňe çykýan gahryman bolýar. Şol gahrymanyň dogulmagy bilen halkyň durmuşynda täze bir eýýam başlanýar. Muňa Görogly beg, Jelaletdin, Alp Arslan ýaly onlarça beýik şahsyýetler hakda ýazylan kitaplar hem şaýatdyr. Halkynyň bagtyna dünýä inen Gahryman, ozaly bilen, ili üçin beýikden-beýik işleri amala aşyrmaga bolan islegden pürepür ýüregiň, şol islegi hasyl etjek mümkinçilikleri tapyp bilýän kämil aňyň eýesidir. Hak tarapyn serpaý berlen, hemmelere mahsus bolmadyk şu iki gymmatlygyň güýji bilen şol Gahryman halkyň kalbyna tarap mizemez hem ýagty ýol çekýär.

Şol gije Aý nur saçandyr ajaýyp,
Gün joşup dogandyr ertesi bilen,
«Beýik Ogul geldi, biliň, halaýyk!» —
diýip, buşlandyrlar mertebe bilen.

Aýgül GARAÝEWA,
«Esger».
Beýleki habarlar