Ni­ka ýü­zü­gi: söý­gi­niň we gel­je­giň ny­şa­ny

13 Sentýabr 2024
15

Söý­gi­niň ny­şa­ny bo­lan ni­ka ýü­zü­gi­ni dak­mak dä­bi­niň 3 müň ýyl ozal baş­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Är-aýa­lyň ara­syn­da­ky res­mi bag­la­ny­şy­gy aň­lad­ýan bu ny­şa­nyň iň ga­dy­my gör­nüş­le­ri Mü­sür­den ta­py­lyp­dyr. Pa­pi­rus ýaz­gy­la­ryn­da ke­nep sü­ýü­min­den ýa-da in­çe­jik ga­myş­dan örü­len ýü­zük­ler ba­ra­da bel­le­nil­ýär. Bu ýü­zük­le­ri uzak wagt da­ky­nyp bol­man­dyr. Soň­lu­gy bi­len ga­myş­dyr ke­nep­den ýa­sa­lan ýü­zük­le­riň ýe­ri­ne de­ri­den ýa-da pi­liň süň­kün­den taý­ýar­la­nan hal­ka­lar peý­da bo­lup­dyr. Dag-mag­dan kä­ni­ni ere­dip, me­tal al­mak usu­ly­nyň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len dür­li gör­nüş­li gym­mat ba­ha­ly eg­rem­çe­ler ýa­sa­lyp baş­la­nyp­dyr. Şol ýyl­lar­da adam­lar­da ýü­zü­giň hi­li nä­çe ýo­ka­ry bol­sa, şol ada­myň söý­gü­si hem şon­ça güýç­li di­ýen ga­ra­ýyş bo­lup­dyr. Ni­ka ýü­zü­gi­niň daş­ky te­ge­le­gi ebe­di söý­gi­ni, iç­ki te­ge­le­gi bol­sa gel­je­gi aň­la­dyp­dyr.

Nä­me üçin çep ele da­kyl­ýar?

Beýleki habarlar