Hakydada galan hakykat

12 Sentýabr 2024
32

Hemişe çagalyk ýyllarymy ýatlasam, garry enem hem-de söýüp okan kitaplarym ýadyma düşýär. Okamaga höwesek bolmagyma hem bir wagtlar ýurduny täzelän enem pahyryň goşandy has uludy. Enem kitaba gümra bolsam begenerdi. Ejem ikisi el işini edýän wagtlary arasynda maňa kitap okadyp, diňlärdiler. Enem dessanlary gowy görerdi. Dessanyň şygyrly ýerine ýetenimde, käwagtlar gapdalymdan hüwdä meňzeş owaz bilen hiňlenip aýdardy. Men bolsa enemiň heniz okap ýetişmedik şygrymy boýdan-başa ýatdan bilşine haýran galyp, onuň hiňlenmesini maýyl bolup diňlärdim.

Bir gezegem türkmen dilinden we edebiýatyndan sapak berýän mugallymymyzyň elinde heniz çaphananyň ysam gitmedik, gatlary açylmansoň, sahypalary entek biri-birine ýelmeşip duran Magtymguly Pyragynyň täzeje kitabyny göräýdim. Magtymgulynyň goşgularyny enemiň aýratyn gowy görýändigini bilýändigim üçin ony duýdansyz begendiresim geldi. Şonuň üçin mekdepden daşarda salam bermäge-de çekindirýän, ýüzi agyr mugallymymyzdan, hakyt, kitaby dilemäge batyrlyk edip bilenime öz-özüme haýran galdym. Geň galaýmaly, mugallym heniz özem okap ýetişmedik kitabyny höwes bilen maňa uzadyp durşuna:

Oraznabat OMAROWA,
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap RÝNÝ bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar