Amsterdam dünýäniň esasy syýahatçylyk şäherleriniň biridir. Meşhur muzeýleri, owadan kanaldyr köçeleri, şeýle hem kaşaň restoranlary bilen syýahatçylary özüne çekýän Amsterdam Ýewropanyň merkezi şäherleriniň biridir.
«Çigildem şäheri» diýlip hem atlandyrylýan Amsterdam köp ilatlylygy bilen tapawutlanýar. Şäherde dürli milletleriň wekillerine gabat gelmek bolýar. Bu aýratynlyk syýahatçylaryň şähere çalt öwrenişmeklerine kömek edýär. Amsterdamda ilatyň 86 göterimi azyndan iki dili suwara bilýär. Şäherde iňlis dilini bilmeýänler seýrek duş gelýär. Şeýlelikde, Amsterdamda dil babatda kynçylyk çekmezden syýahat edip bolýar.