Sirk tomaşalaryna badalga

4 Sentýabr 2024
32

Ýakynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki täze möwsümiň açylmagy mynasybetli şowhunly sirk tomaşasyny görkezdi. Sirkiň täze taslamalary sirk tomaşasynyň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdi.

Poni atlarynyň üstündäki maýmynjygyň dürli hereketleri, darbazçylaryň çykyşlary hakyky tomaşa boldy. Tomaşanyň ahyrynda ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, haýran galdyryjy çykyşlary tomaşaçylarymyzda türkmen sungatyna, medeniýetine bolan buýsanç duýgusyny oýardy.

Dilber ATAJANOWA,
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar