Rowaýat

4 Sentýabr 2024
65

Gyzyl alma

Ir döwürde bir küren obanyň çetinde goja bagbanyň bagynda ýeke düýp alma agajy ösüp oturan eken. Ol wagtlar ähli alma agaçlarynyň miwesi ak reňkli bolupdyr. Bagban ol baga, diýseň, yhlasly ideg eder eken. Her ýyl bahar gelip, alma agajy birenaýy güllände, onuň töwerek-daşy has görklenen ýaly bolýar eken. Miwe ýetişensoň şahalaryndaky ap-ak almalara göreniň gözi gidip, “tüweleme” diýer ekenler.

Beýleki habarlar