Asyra ulaşan ömür

28 Awgust 2024
136

Dili senaly goja

— Çagalyk ýyllarymyzda nämäniň nämedigine-hä anyk göz ýetirip bilmeýärdik welin, şol döwrüň gaty galagoply ýyllar bolandygyna soň-soňlar aň ýetirdik. Onuň yz ýanyndanam uruş diýen bir bela turdy. Men diýen erkek göbekliler Watan goragyna gitdiler. Soň olaryň gideninden gaýdyp geleni az boldy. Obada garry-gurtular, aýallar, çaga-çugalar galdy. Olaram gije-gündize parh goýman depesinden gum sowrup işleýärdiler. Şonda hem halkyň doýa garny doýmaýardy. Öý-öwzar, egin-eşik ýagdaýy hem gaty egbarlydy. Meniň ömrümiň ýigitlik döwri şol heýhatly ýyllara gabat geldi. Ýaşlyk ýelgini bilen sermest bolmaly çagym sähralarda, gyrlarda mal yzynda gezdim. Aňzakly gyşlarda hem uzakly gün süriniň yzynda selpäp, gijelerine dowarlaryň arasyna girip, bagçy goýnuň boýnuna dakan ýüpümizi elimize daňyp, öri meýdanynda gözümiziň awusyny alan wagtymyz köp boldy. Şonda bize sowugam, her hili kynçylyklaram kär etmeýän ýalydy. Bar pikirimiz-küýümiz özümize tabşyrylan işi abraý bilen ýerine ýetirmekdi, Watan öňündäki borjumyzy bitirmekdi. Kynçylyklara seretmezden mallarymyzy gyşdanam başybitin alyp çykardyk, owlak-guzy möwsümini hem göwnejaý geçirerdik. Ylaýym, ol kynçylykly döwrüň geçdigi bolsun. Ony gören biz bolaly, indiki nesiller hem häzirki eşretli zamanamyzyň gadyryny bilip ýaşasynlar!

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar