Ak arzuwlara beslenýän ak ýollar ynsany köňlünde beslän maksadyna ýetirýär. Magtymguly atamyzyň: «Yhlas bilen bir kämile gol beren,//Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýip belleýşi ýaly, maňa hem çagalyk arzuwyma gowuşmak miýesser etdi.
Mekdebe ýaňy gadam basan günlerimde okuwçylaryň ejeme: «Salam, mugallym!» diýip ýüzlenmekleri mende gaty uly täsir galdyrdy. Şol döwürde öz ýanymdan mugallym bolmagy arzuw edipdim.