Taryhy çözgütler kabul ediler

28 Awgust 2024
56

Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Şundan hem görnüşi ýaly, eziz Diýarymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Halkyň bähbitlerini araýan ýokary wekilçilikli edara bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy maksady hem döwlet bilen jemgyýeti sazlaşykly ösdürmekden, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary, raýatlaryň hukuklarynyň deň bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şol esasdan hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan dürli kärdäki raýatlar öz garaýyşlaryny, pikirlerini aýtmaga, halk bilen paýlaşmaga, maslahatlaşmaga uly mümkinçilige eýe bolýarlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýz paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda taryhy waka öwrüler. Onda kabul ediljek çözgütleriň bagtyýar raýatlarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirjekdigini, olaryň kalplaryny buýsanja beslejekdigini ynam bilen aýdyp bileris.

Akmämmet ŞIRMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Magtymguly etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar