Eli süýji aşpez zenan

28 Awgust 2024
69

Çagalar üçin iýmit taýýarlamak işi bilen meşgullanmak aýratyn jogapkärçiligi, uly tejribäni, ýokary başarnygy talap edýär. Welaýatymyzda dili-de, eli-de süýji aşpezler az däl. Dänew etrabyndaky 24-nji çagalar bakja-bagynyň uly aşpezi Hatyra Çölliýewa hem şolaryň biri. Ol indi köp ýyldan bäri çagalaryň kadaly iýmitlenmegi ugrunda gujuryny-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýär.

agalar bagy diýlende, köpimiziň göz öňümize ilki bilen körpeler we olar bilen gönüden-göni iş alyp barýan terbiýeçilerdir enekeler gelýär. Emma ýaş nesliň kadaly ösmegini, olaryň sagdyn iýmitlenmegini gazanmak hem ilkinji derejeli meseleleriň biridir. Ine, bu meselede çagalar baglarynyň aşpezleriniň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Hatyra gelnejäniň bitirýän işleri köplere görelde alarlyklydyr. Işjeň zenan öz işini kämil bilýär. Munuň şeýledigi onuň gündelik işini guraýşyndan hem mese-mälim görnüp dur. Tagamnamany möwsüme görä düzmek, çagalaryň sanyna görä gündelik iýmiti taýýarlamak, aşhananyň we iýmit ammarlarynyň arassaçylygyna berk gözegçilik etmek uly aşpeziň işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Aşpez-konditer hünärli zenan wezipe borçlaryna laýyklykda naharlaryň wagtly-wagtynda taýýarlanylmagyny we toparlara paýlanylmagyny hem ünsden düşürmeýär. Şeýle-de ol körpeleriň gündelik iýmitiniň ýokumly we ter önümlerden bolmagy ugrunda ýakyndan aladalanýar. Şonda ussat aşpez gök-bakja önümleriniň, miweleriň, süýt önümleriniň saklanyş we bişiriliş yzygiderligine, iýimitleriň ýokumlar bilen baýlaşdyrylyşyna aýratyn gözegçilik edýär.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar