Ak ýollar abadan bolsun!

27 Awgust 2024
91

Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň abadan durmuşda rahat ýaşamaklaryny üpjün etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy orunda durýan wezipelerdir. Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi hem şeýle aladadan gözbaş alýar. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreleriň esasy maksady raýatlaryň, şol sanda çagalaryň ýol howpsuzlygynyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, olaryň asudalygyny goramak bolup durýar.

Ýeri gelende bellesek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň dowamynda çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda bu giň göwrümli çäräniň maksady we ähmiýeti, ýol hereketiniň kadalary, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri, söhbetdeşlikler, mowzuklaýyn duşuşyklar geçirilýär. Olarda ýol-ulag hadysasy bilen baglanyşykly wideoşekilli ýazgylaryň görkezilmegi gatnaşýanlarda jogapkärçiligi has-da artdyrýar. Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ömrümiziň rahatlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýalkap HUDAÝBERDIÝEW,
Gökdepe etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty.
Beýleki habarlar