Elekt­rik­li At ara­ba­la­ry

23 Awgust 2024
65

Soň­ky ýyl­lar­da ösen teh­no­lo­gi­ýa ne­bit ýan­gy­jy­nyň ýe­ri­ne ba­ta­re­ýa bi­len iş­le­ýän dür­li ulag­la­ry ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ulag­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­me­gi ho­wa goý­be­ril­ýän tüs­sä­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Esa­san, ulag­la­ryň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri çy­ka­ryl­ýan hem bol­sa, uçar­lar, ýük ulag­la­ry we gur­lu­şyk ma­şyn­la­ry­nyň hem elekt­rik bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar. Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de bol­sa, sy­ýa­hat­çy­la­ryň gez­di­ril­me­gi üçin ula­nyl­ýan at ara­ba­la­ry elekt­rik­li edil­di. Şeý­le­lik­de, Brýus­sel sy­ýa­hat­çy­la­ry şä­he­re aý­la­mak üçin tok bi­len iş­le­ýän at ara­ba­la­ry­ny ula­nan il­kin­ji şä­her bol­dy. Şä­he­riň mej­li­si 2022-nji ýyl­da at ara­ba­la­ry­nyň ýe­ri­ne elekt­rik ener­gi­ýa­ly ara­ba­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­ra­da ka­rar ka­bul edip­dir. Go­laý­da iki ara­ba at­la­ryň de­re­gi­ne elekt­rik­li mo­tor bi­len he­re­ket edip baş­lap­dyr. Bu ara­ba­lar Pol­şa­da ön­dü­ri­lip­dir. Go­laý­da ýe­ne bir ara­ba­nyň hyz­ma­ta hö­dür­len­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. 1832-nji ýyl­da at ara­ba­sy­na elekt­rik­li he­re­ket­len­di­ri­ji otur­dyp, il­kin­ji elekt­rou­la­gy ýa­san şot­land in­že­ne­ri Ro­bert An­der­so­nyň hor­ma­ty­na «An­der­son» di­ýip at go­ýup­dyr­lar. Döw­re­bap ara­ba­lar bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 120 ki­lo­metr ýol ge­çip bil­ýär.

Gül­zi­re ÇA­RY­ÝE­WA,

Beýleki habarlar