Ýagşynyň köňlünde kine az bolar
Göwün üçin köp zat gerek däl. Ol ýekeje söz bilen ganatlanyp, al-asmana perwaz edýär. Emma ýekeje jümläniň edil peýkam ýaly ony ýaraty edip, uçutdan gaýdyrmagy hem ahmal. Islendik ýagdaýda-da, ilki bilen, ýürek duýýar.