Sagdynlyk — bagtyýarlyk

21 Awgust 2024
150

Bäherden etrabynyň Nebit kärhanasynda “Sagdynlyk — bagtyýarlyk” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň guramagynda geçen duşuşyga kärhananyň işçi-hünärmenleri, partiýa işjeňleri gatnaşdy.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygyny goramak, raýatlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda dynç almagyna, saglygyny berkitmegine amatly şertleri döretmek, ildeşlerimiziň mynasyp durmuşda ýaşamagyny gazanmak babatda edýän taýsyz tagallalary barada täsirli gürrüň edildi. Onuň barşynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly aýdylan öwüt-ündewler gyzgyn goldaw tapdy.

Ogulbibi ÝUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň işgäri.
Beýleki habarlar