Hytaýyň Adam gorlary we jemgyýetçilik üpjünçiligi ministrligi täze 19 hünäriň ykrar edilendigini habar berdi. Täze hünärleriň köpüsi sanly ykdysadyýet we innowasiýa pudaklary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup, munuň özi bu pudaklaryň ýokary depgin bilen ösýändigini görkezýär.
Täze hünärleri tassyklamak boýunça işler geçen ýylyň ahyrynda başlandy, ýöne gutarnykly sanaw ýakynda çap edildi. Täze hünärleriň içinde onlaýn-strimer, «akylly» awtoulaglaryň sürüjisi, emeli aň programmalary boýunça hünärmen, bioinženerlik ugrundan tehnik, «akylly» önümçilik ulgamlarynyň dolandyryjysy we beýlekiler bar.