«Google» kompaniýasy stol tennisini oýnap bilýän robot bilen tanyşdyrdy. Inženerler robotyň entek «öwrenjedigini» belleýärler. Enjamy işläp taýýarlan «Google DeepMind» kompaniýasynyň inženerleri bäsdeşlik oýunlaryna adatça çekeleşikli ýagdaýyň mahsusdygyny belläp, çylşyrymly hereketi, çalt göz-el utgaşyklygyny we bäsdeşiň ejiz tarapyny synlamagy öz içine alýandygyny, bu ýagdaýyň stol tennisini, robotlaryň häzirki derejede ýokary derejä ýeten küşt ýaly strategiýa oýnundan tapawutlandyrýandygyny belleýärler. Tennis oýnaýan ilkinji robot dürli ussatlyk derejesinde tennis oýnap bilýän 29 adam bilen ýaryşypdyr. Geçirilen duşuşyklar «YouTube» arkaly tomaşaçylara ýetirildi. Robot tennis oýnap bilýän hem bolsa, tennis topunyň ilkinji urgusyny ýerine ýetirip bilmeýär. Ýagny diňe özüne atylan topa jogap urgusyny gaýtaryp bilýär. Robot tennis oýnamaga täze başlan adamlaryň ählisini utan hem bolsa, ökde oýunçylardan asgyn geldi. Orta derejeli ussatlygy bolan tennisçileriň bolsa, 55 göterimini utmagy başardy.
Robotyň ähli bäsdeşleri robot bilen tennis oýnamagyň örän gyzyklydygyny belleýärler. Ussat tennisçiler bu robotyň türgenleşikler üçin peýdaly bolup biljekdigini, robotyň tennis oýnadygyça ökdeleşendigini bellediler.